Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew penşenbe güni Monakonyň Daşary işler we hyzmatdaşlyk ministri Izabel Berro-Amadeý bilen duşuşdy. Monakonyň Milli güni mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde guralan duşuşykda ilçi Monakonyň knýazy Alber II-niň özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmegi baradaky çakylygy tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Türkmen diplomaty Monakonyň Milli güni bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň knýaz Alber II-niň adyna iberen gutlag hatyny ministre gowşurdy.
Duşuşykda 2025-nji ýylda geçirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelerine aýratyn üns berildi. Şol ýylyň ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakoda saparda bolup, knýaz Alber II bilen duşuşdy. Aprel aýynda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Monakoda boldy.

Taraplar ýanwar aýynda geçirilen duşuşygyň ýokary derejedäki syýasy dialoga täze itergi berendigini, aprel aýynda guralan saparyň bolsa ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döredendigini bellediler. Şeýle hem özara saparlary mundan beýläk hem dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet ulgamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, şeýle hem Monakonyň wekilleriniň Türkmenistanda geçirilýän maýa goýum we pudaklaýyn forumlara gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek meselelerine garaldy.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde medeniýet günlerini geçirmek, sport we atçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilýän Halkara sirk festiwalyna mundan beýläk-de gatnaşmagyny dowam etdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.













