Türkmenistanyň hödürlemeginde BMG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygy hakynda Kararnama kabul edildi

BT
Türkmenistanyň hödürlemeginde BMG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygy hakynda Kararnama kabul edildi
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, 2026-njy ýylyň 19-njy noýabry. (Surat: GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy)

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy 16-njy noýabrda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk edýän döwründe öňe süren BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky iki ýyllyk Kararnamany kabul etdi. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Resminamanyň awtordaşlary hökmünde Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Nikaragua, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan we Özbegistan çykyş etdiler. Halk Maslahatynyň Başlygy Kararnamanyň kabul edilmegini goldandyklary üçin bu döwletlere minnetdarlyk bildirdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy GDA agza döwletleriň BMG-niň maksatlaryna we ýörelgelerine ýetmek ugrunda alyp barýan tagallalaryny goldap, Arkalaşygyň sebitara dialogy we agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyny ykrar edýär. Şeýle hem Baş Assambleýa GDA-nyň BMG-niň ulgamyna girýän edaralar, maksatnamalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we pugtalandyrmak baradaky ymtylyşyny goldaýar.

Kararnamada GDA-nyň söwda, ykdysady ösüş, statistiki maglumatlary we ykdysady maglumatlary alyşmak, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, ylym we innowasiýalar, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alyp barýan işlerine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem tebigy we tehnogen häsiýetli betbagtçylyklara garşy göreşmek, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna, terrorçylyk hereketlerine, ekstremizmiň ýüze çykmalaryna hem-de bikanun migrasiýa garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenilýär.

Resminamada BMG-niň ulgamy bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we utgaşdyrylyşygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti hem nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy Guramanyň Baş sekretaryna Arkalaşygyň Baş sekretary bilen yzygiderli geňeşmeleri geçirmegi teklip edýär. Mundan başga-da, Kararnamada BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, maksatnamalarynyň we gaznalarynyň, şeýle hem halkara maliýe institutlarynyň GDA bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça düzgünler göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy resminamanyň kabul edilmegi bilen mejlise gatnaşyjylary gutlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС