“Eziz Doganlar Keramika” Daşkent halkara gurluşyk sergisinde eksport mümkinçiliklerini tanyşdyrýar

BT
“Eziz Doganlar Keramika” Daşkent halkara gurluşyk sergisinde eksport mümkinçiliklerini tanyşdyrýar
Daşkentde 2026-njy ýylyň 19-21-nji noýabrynda geçýän gurluşyk tehnologiýalary we materiallary boýunça III halkara sergi "CAEx Build & Co. 2026"-da "Eziz Doganlar Keramika" hojalyk jemgyýetiniň diwarlygy. (Surat: "Eziz Doganlar Keramika")

Türkmenistanda keramogranit plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän "Eziz Doganlar Keramika" hojalyk jemgyýeti 19–21-nji noýabrda Daşkentde geçirilýän "CAEx Build & Co. 2026" atly III halkara gurluşyk tehnologiýalary we materiallary sergisinde öz önümlerini hödürleýär. Kärhananyň direktory Gadam Hoşwagtowyň bellemegine görä, sergä gatnaşmak Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny we eksport mümkinçiliklerini daşary ýurtly işewür toparlara tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Bu halkara sergide gurluşyk materiallaryny we tehnologiýalaryny öndürijileri, üpjün edijileri, binagärleri, dizaýnerleri, inženerleri hem-de gurluşyk kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemleýär. Guramaçylaryň maglumatyna görä, şu ýyl sergä Özbegistandan, Hytaýdan, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan 90-dan gowrak kompaniýa gatnaşýar. Sergi täze önümler bilen tanyşmaga, öndürijiler we üpjün edijiler bilen göni duşuşyklara hem-de täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilik döredýär.

Serginiň işewürlik meýdançasy “Eziz Doganlar Keramika” hojalyk jemgyýetine Özbegistanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bilen täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, önümleriniň eksport ugurlaryny giňeltmäge hem-de daşary ýurt bazarlarynda täze müşderileri we distribýutorlary tapmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem kärhananyň önümlerini halkara hünärmenlere we gurluşyk pudagynyň wekillerine tanyşdyrmak türkmen öndürijileriniň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen "Eziz Doganlar Keramika" hojalyk jemgyýetiniň keramiki önümler kärhanasynda ýerli çig mallar we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň döwrebap enjamlary ulanylýar. Kärhanada öndürilýän önümler berkligi, suw geçirmezligi we agram düşmegine çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

"Eziz Doganlar Keramika" hojalyk jemgyýetiniň önümleri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem Parahat 7–8 we Gurtly ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynda ulanylýar. Kärhana ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň içki hem-de daşky bezegi üçin dürli görnüşli keramogranit plitalaryny, kafelleri we sanfaýans önümlerini öndürýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ýurtda telekeçiligi ösdürmek, hususy pudagy goldamak, döwrebap önümçilik kärhanalaryny döretmek we milli önümleriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin giň şertler döredilýär. "Eziz Doganlar Keramika" hojalyk jemgyýeti hem bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öz önümlerini halkara sergilerde tanyşdyrmak arkaly Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny dünýä tanatmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýar.

“Eziz Doganlar keramika” hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri: +(993 12) 753577, 753578

Elektron salgysy: info@ed-keramika.com

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022