Ahal welaýatynda täze tikin fabrigi gurlar

BT
Ahal welaýatynda täze tikin fabrigi gurlar
Aşgabat dokma toplumynyň döwrebap dokma sehi (Surat: “TurkmenExporters”)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze tikin fabrigini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden tikin fabrigini gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Bu kärhanany döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, önümçilik kuwwatyny artdyrmak arkaly önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp,dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekdi. Döwlet Baştutany täze fabrigi gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022