Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda Wekiliýetini açar

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda Wekiliýetini açar

Ýewropa Bileleşigi özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen ÝB-niň Türkmenistandaky Wekilýetini açmak boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirýär diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda habar berilýär. 

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burian Aşgabada resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirip, ÝB-niň logistika, transport, energiýa we ynsanperwelik gatnaşyklary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

“Şu mazmunda, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Wekilhanasyny açmak baradaky mesele bellenilip geçildi” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Taraplar Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny, Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny, hem-de Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelýän harytlaryň Ýewropanyň bazarlaryna çykmagyna şert döretjek Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa ugry boýunça “Hazar deňzi – Gara deňiz” ulag-tranzit geçelgesini döretmek hakyndaky Türkmenistanyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu sapardan öň, 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Federika Mogerini Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetini Brýusselde kabul etdi. Şonda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Energetika bileleşigi boýunça orunbasary Maroş Şewçowiç bilen hem duşuşyk geçirdi.

“Çalt depginler bilen ösýän sebitleýin dinamika we Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky durnukly arabaglanşygyň barha ýokarlanýan ähmiýeti Merkezi Aziýany biziň üns merkezimize getirýär” diýip, Mogerini 2018-nji ýylyň noýabr aýynda çykaran beýanatynda aýtdy.

Mogerini sebitdäki ýurtlaryň, hususan-da Türkmenistanyň, özgertmeler we döwrebaplaşdyryş çäreleri, şeýle-de şu günki global meseleleriň çözgüdi boýunça Ýewropa Bileleşigine ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýdyp, Ýewropa Bileleşiginiň hem bu sebit bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga isleg bildirýändigini belledi.

“Täze Wekiliýet açmak bilen, biz bu talaplara pozitiw jogap berýäris hem-de ýewropa we türkmen raýatlaryna biziň ysnyşygymyz barada uly yşarat görkezýäris” diýip, ÝB-niň baş diplomaty Mogerini nygtady.

Ýokary wekiliň Türkmenistanda ÝB-niň Wekiliýetini açmak baradaky kararynyň 2019-njy ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Türkmen tebigy gazynyň Ýewropanyň bazarlaryna eksport edilmegi hem Aşgabat üçin, hem Brýussel üçin ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Energiýa eksport bazarlaryny diwersifikasiýa etmek üçin, Türkmenistan Transhazar gazgeçiriji taslamasy boýunça işlerini dowam etdirýär.

2022