Türkmenistan we Germaniýa biznes gatnaşyklaryny giňeltmegiň ugrunda

BT
Türkmenistan we Germaniýa biznes gatnaşyklaryny giňeltmegiň ugrunda
Berlin

Özara täjirçilik we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça tagallalaryň çäginde, Germaniýanyň paýtagty Berlinde Türkmen-German işewürler maslahaty geçirildi. Foruma türkmen we nemes resmileri, şeýle-de iki ýurduň täjirçilik we ylmy jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylara türkmen ykdysadyýetiniň esasy ugurlary, şol sanda energiýa we himiýa senagaty, halkara gazgeçiriji we elektrik energiýasyny geçiriji taslamalar, oba-hojalygy, logistika we transport boýunça maglumatlar berildi. Türkmen resmileri Türkmenistandaky syýasy durnuklylyk, jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylmagy, kanunyň rüstemliginiň berkidilmegi, şeýle-de ýurtdaky bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň düýpli ýagdaýda özgerdilmegi bilen berkidilýän netijeli maliýe gözegçilik ulgamynyň döredilmeginiň daşary ýurtly kompaniýalar üçin özüne çekiji maýa goýum şertlerini döredýändigini belläp geçdiler.

Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gazgeçiriji taslamasy, Türkmenistandan Owganystana we Päkistana elektrik energiýasyny geçiriji ulgamyň ýola goýulmagy, Türkmenistanyň tebigy gaz eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem maslahatyň gün tertibinde boldy. Oňa gatnaşyjylar bu taslamalaryň türkmen energiýa we ýangyç senagatyna maýa goýmak üçin Germaniýanyň kompaniýalaryna göwnejaý mümkinçilikleri döredýändigini aýtdylar.

Germaniýanyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýola goýulýan häzirki zaman multimodal ulag düzümine uly gyzyklanma bildirdiler. Bu düzüm täze gurlan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna, şeýle-de Türkmenistanyň halkara we sebitara howa menzillerine, demirýollaryna we awtomobil ýollaryna birikdirilen täze logistika ulgamynyň döredilmegini öz içine alýar. Özgerdilen we has netijeli transport geçelgeleri sebitiň durnukly ösüşi üçin wajyp hasaplanýar.

Türkmen-German işewürler maslahatynyň programmasyna Türkmenistanyň nemes oba hojalyk tehnikasy we enjamlary bilen üpjün edilmegi, şeýle-de inžener-tehniki işgärleriň taýýarlanmagy boýunça maslahat hem girizildi.

“Deutsche Bank” we “Commerzbank” nemes banklary bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Türkmenistan Germaniýanyň banklarynyň, ätiýaçlandyryş edaralarynyň we biržalarynyň tejribelerine hem gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanyň wekilleri “Deutsche Bank” kompaniýasynyň Berlindäki edara jaýynda geçirilen maslahata gatnaşýan beýleki nemes maliýe edaralarynyň tekliplerine hem garamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Işewürler maslahatynyň çäklerinde guralan Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi türkmen kärhanalaryna nemes kompaniýalaryny we maýa goýujylary özleriniň täze önümleriniň hili bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi. 

Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Germaniýanyň “Claas” we “Umax Trade GmbH” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşykdan soň nemes “Umax Trade GmbH” kompaniýasy bilen Türkmenistandan Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda, şeýle-de şol kompaniýa bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Memoranduma gol çekildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem nemes kompaniýalary bilen birnäçe ylalaşyklary baglaşdylar.

2022