Aşgabat Brýussele bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär

BT
Aşgabat Brýussele bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär
ÝB Ýewropa Komissiýasynyň ýaşlar, bilim we sport boýunça “Erasmus+” maksatnamasyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talaplaryna laýyklykda giňeltmegi göz öňünde tutýar diýlip, habar berlipdi.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine başlangyç, orta we ýokary bilim pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy mundan hem beýläk ösdürmegi we Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň unwersitetleriniň arasyndaky ylmy alyş-çalyş maksatnamalaryny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Bu teklip 26-njy fewralda Brýusselde geçirilen Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan Bilelikdäki Komitetiniň 18-nji duşuşygynda mälim edildi.

Bilelikdaki Komitet Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýy, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny we ýurtda alnyp barylýan özgertmeleri ara alyp maslahatlaşdy. Maýa goýumlar, söwda, transport, energiýa, ykdysadyýet we maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlyk, bilim we türgenleşdiriş, şeýle-de kanunyň rüstemligi we adam hukuklary üns merkezinde boldy. Terrorçylyga we neşe serişdeleriniň dolanyşygyna garşy göreş hem gün tertibine girizildi.

ÝB-niň resmileri Türkmenistanyň wekiliýetine Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze strategiýasy boýunça görülýän taýýarlyklar barada habar berdiler. Şeýle-de Ýewropa Bileleşigi 88 million ýewro barabar bolan indiki sebitleýin maksatnamalar toplumy barada maglumat berdi. Bu maksatnamalar sebitde hususy eýeçiligi, söwdany we maýa goýumlary goldamaga gönükdiriler. 

Mundan öň, ÝB Ýewropa Komissiýasynyň ýaşlar, bilim we sport boýunça “Erasmus+” maksatnamasyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talaplaryna laýyklykda giňeltmegi göz öňünde tutýar diýlip, habar berlipdi. Häzirki döwürde bu maksatnama talyplar, mugallymlar, ýaş hünärmenler we sport pudagynda işleýän adamlar gatnaşyp bilýärler.   

Häzir Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlykda bilim, ylym, energiýa, oba hojalygy, kanuny özgertmeler, hususy eýeçilik we daşky gurşawy goramak boýunça jemi 10 sany milli we sebitleýin taslamalary durmuşa geçirýär.

Brýusselde geçirilen duşuşyga Ýewropanyň daşary syýasat gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, sebitleýin hyzmatdaşlyk we ÝHHG ýurtlary boýunça direktory Luç Dewigne ýolbaşçylyk etdi.