Russiýanyň baş diplomaty Hazar meselesiniň ähmiýetini nygtady

Russiýanyň baş diplomaty Hazar meselesiniň ähmiýetini nygtady

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda çarşenbe güni geçiren gepleşiklerinden soň, Hazar meselesiniň ähmiýetine ünsi çekdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň daşary işler ministri parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça halkara meseleler babatda pikir alyşdylar we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana eden resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişindäki öňegidişlikleri maslahat etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-rus gatnaşyklarynda gaz meselesine täze, geljege gönükdirilen iri möçberli ylalaşyklaryň nazara alnyp garalýandygyna kanagatlanma bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ylym, medeniýet we sungat boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem bellenip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Russiýanyň daşary işler ministri žurnalistlere şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň taryhda ilkinji gezek Hazar ykdysady forumyny geçirjekdigini aýdyp, 2018-nji ýylda Hazaryň halkara-hukuk derejesi barada Konwensiýa boýunça taryhy ylalaşyk gazanylandan soň, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işläp taýýarlan meýilnamalaryna Moskwanyň goldawyny mälim etdi.

“Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakynda güýje giren şertnama dürli ugurlarda – ykdysady ulgamdan bilim ulgamyna çenli, sebitde howpsuzlyk meseleri baradaky gatnaşyklardan, elbetde, aýratyn orun eýeleýän Hazar meselesine çenli biziň ähli meýilnamalarymyzyň we işlerimiziň binýady bolmaga gönükdirilendir” diýip, Lawrow aýtdy.

Ol gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar meselesine aýratyn üns berendigini belledi.

Lawrow Türkmenistanyň çemeleşmeleriniň Hazar deňzi boýunça möhüm meseleleriň ençemesini çözmäge ýardam edendigine ýokary baha berdi.

Aşgabada eden iş saparynyň dowamynda, Russiýanyň baş diplomaty Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem gepleşikleri geçirdi. Şol ýerde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ynsanperwer-medeni, syýasy we söwda-ykdyady ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabada saparyny tamamlamazdan öň, Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda leksiýa bilen çykyş etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022