Bütindünýä banky Aşgabada hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip edýär

Bütindünýä banky Aşgabada hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip edýär
Türkmenistan bilen Bütindünýä banky gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Bütindünýä banky Türkmenistana hyzmatdaşlygy giňeltmegi we onuň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmgy teklip etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi. 

Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory Liliýa Burunçuk we Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy jenap Ýan Peter Olters Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny belläp, taraplar häzirki geçirilýän işler, hususan-da Bütindünýä bankynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýardam bermegi boýunça alyp barýan işleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna 2017-2019-njy ýyllar üçin ýolbaşçylyk edýär.

Halkara maliýe edarasynyň wekilleri sanly ykdysadyýet, logistika, energiýa, suw gorlary we gidrometeorologiýa ugurlary boýunça taslamalarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdiler.

“Hakykatdan hem, bu ulgamlara halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň syýasatynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýandyr” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi mälim etdi.

Şeýle hem, Bütindünýä banky Türkmenistanyň bank ulgamynyň kämilleşdirilmegi we döwletde halkara maliýe standartlaryna ýetmek işinde öz tejribelerini paýlaşmagy teklip etdi.

Häzirki döwürde Türkmenistan Bütindünýä banky, Halkara Pul gaznasy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky we beýleki iri maliýe guramalary bilen işleşýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022