Aýakgap çykarýan türkmen kärhanasy ÝÖTB-den maliýe goldawyny aldy

Aýakgap çykarýan türkmen kärhanasy ÝÖTB-den maliýe goldawyny aldy
“Arassa Rysgal” aýakgap senagatyna 2015-nji ýylda şypbyk önümçiligi bilen girdi.

Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Banky (ÝÖTB) “Arassa Rysgal” hususy kärhanasyna uzyn gonçly ädikleriň önümçiligini ýola goýmak üçin 2 million dollarlyk maliýe goldawyny berdi. 2010-njy ýylda açylan bu kärhana ilkinji bolup, guradylan miweleri we maňyzlary “Şabakja” haryt nyşany bilen bazara çykarmaga başlady.

“Arassa Rysgal” aýakgap senagatyna 2015-nji ýylda şypbyk önümçiligi bilen girdi. Häzirki wagtda önümlerini Türkmenistanyň dürli künjegine iberýän kärhananyň gündelik önümçilik mukdary 24 müň jübüte ýetdi.

Önümçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinen kärhananyň ÝÖTB-niň goldaw bermeginde ýerli bilermenler tarapyndan halkara talaplara laýyklykda maliýe seljermesi çykaryldy. Munuň netijesinde, uzyn gonçly ädikleriň we sport aýakgaplarynyň önümçiligik sehlerini gurmak, gerekli bolan enjamlary satyn almak üçin “Arassa Rysgal” kärhanasy ÝÖTB-den 2 million dollarlyk maliýe goldawy aldy.

Täze önümçilik sehiniň açylmagy bilen kärhananyň işgärleriniň sanynyň 2 esse, dolanyşygynyň bolsa 28 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar.

2022