Türkmenistanda döwrebap awtoklaster gurulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda döwrebap awtoklaster gurulýar
Döwrebap awtoklaster 800 orunlyk taksimenzili, 350 orunlyk şäherara awtobuslary we 1500 gowrak şäher awtobuslary üçin 24 sany ýapyk görnüşli duralgalary öz içine alýar.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy esasynda Aşgabat-Daşoguz garaýolunyň ugrunda Aşgabat şäheriniň halkara awtomenziliniň golaýynda, şäher we halkara ýolagçy transportlaryny bejeriş we hyzmat ediş, okuw-türgenleşik merkezli awtomobil mekdepleriniň birleşmesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu toplum öz çäginde üç müňe golaý awtoulaglary kabul edip biler diýlip habar berilýär.

Toplumyň gurluşyk meýdançasy 60 gektardan gowrak bolup, onuň gurluşugy “Weli Gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

Döwrebap awtoklaster 800 orunlyk taksimenzili, 350 orunlyk şäherara awtobuslary we 1500 gowrak şäher awtobuslary üçin 24 sany ýapyk görnüşli duralgalary öz içine alýar. Toplumyň çäginde jemi 12 sany bejeriş we hyzmat ediş nokatlary dörediler.

Şeýle-de, 335 orunlyk awto mekdebi dörediler. Okuw merkezi kompýuter we türgenleşik otaglary hem-de 60 sany ýeňil awtoulagy bilen üpjün ediler.

Toplumyň işe girizilmegi 2020-nji ýylyň aprel aýyna meýilleşdirilýär.

2022