Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyndaky Telekeçiler mekdebi syýahatçylyk pudagynda hyzmat berjek gid-terjimeçiler üçin möhletli okuwlaryny ýola goýdy.
Meýilnama esasynda diňleýjilere 2 aýyň dowamynda jemi 72 sagat Türkmenistana gelýän daşary ýurtly syýahatçylara ýokary derejeli ýol beletlik hyzmatyny bermegiň esaslary ýetirilýär.
Okuw meýilnamasy üç bölümden ybarat bolup, onda “Syýahatçylyk pudagyna giriş”, “Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri we tebigy baýlyklary” hem-de “Syýahatçylyk hyzmatlarynyň gurnalyşy we gezelenji ýöretmegiň esaslary” ugurlary boýunça okuw okadylýar.
Gid-terjimeçilik kursy diňe bir nazary bilim bermek bilen çäklenmän, umumy okuw meýilnamasynyň 45 göterimi amaly tejribeçilik esasynda geçýär.
Bu okuwy tamamlan diňleýjileriň kämil derejede daşary ýurt dillerini bilmekleri, syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalarda “gid-terjimeçi” wezipesinde işläp bilmekleri maksat edinilýär. Okuwy tamamlan diňleýjileriň syýahatçylyk hyzmatlarynyň guralyşy, infrastrukturasy, etika we etiket düşünjesi, aragatnaşygyň medeniýeti, myhman kabul etmegiň etiketi, gezelenji ýöretmegiň esaslary, syýahatçylyk ugurlaryny işläp düzmek ýaly temalarda giňişleýin maglumat berilýär.
Telekeçiler mekdebi häzirki wagtda Türkmenistanyň çäklerinde 5 şahamça hyzmat berýär. Möhletli okuwlardan peýdalanmak isleýän dalaşgärler islendik şahamçada okuwa ýazylmaga hukuk berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlete degişli syýahatçylyk kärhanalarynyň ählisi hususylaşdyryldy.