Türkmen telekeçileri $25 milliondan gowrak azyk harytlaryny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri $25 milliondan gowrak azyk harytlaryny eksport etdi
Bir ýylyň dowamynda hususy ekerançylar 17.5 million ABŞ dollaryndan gowrak pomidory daşary ýurtlara satdylar.

Türkmenistanda import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hususy pudagyň wekilleri işjeň gatnaşyp, olar öz önümlerini daşary ýurtlara yzygiderli eksport etmegiň, şeýle-de içerki bazary üpjün etmegiň aladasyny edýär.

Telekeçilere oba-hojalyk ekinlerini ýetişdirmek, maldarçylyk we beýleki önümçilik işleri üçin ýurduň dürli künjeklerinden uzakmöhletleýin ýerler bölünip berildi. Şonuň netijesinde hem hususyýetçiler önümçiliginiň mukdaryny ýokarlandyryp, harytlary eksport etmäge başladylar.

“Biznes Türkmenistan” internet neşirine berlen maglumatlara görä, bir ýylyň dowamynda hususy ekerançylar 17.5 million ABŞ dollaryndan gowrak pomidory daşary ýurtlara satdylar. Şu ýylyň dowamynda pomidor ösdürip ýetişdirmek üçin telekeçiler tarapyndan ençeme ýyladyşhanalar açyldy. Pomidor önümleri esasan-da GDA ýurtlaryna eksport edildi.

Türkmenistanly telekeçiler beýleki oba-hojalyk ekinlerini eksport etmek boýunça alyp baran işleriniň netijesinde 2.7 million dollardan gowrak gök-bakja ekinlerini, 2 million dollara golaý hem miweleri eksport etdi.

Däneli ekin ekmäge hem girişen telekeçiler şu ýyl şaly hasylyny ýygnadylar. Olar 1.8 million dollardan gowrak ekini daşary ýurtlara iberdiler.

Telekeçiler dürli görnüşli konditer önümçiligini hem işjeň özleşdirýär. Şonuň netijesinde hem çykarylýan süýjülikleri daşary ýurtlara eksport edýärler. Şeýlelikde, hususy kompaniýalar tarapyndan tamamlanyp barýan ýylda 1.2 milliondan gowrak önüm daşary ýurtly alyjylara ýetirildi.

Şeýle hem iri şahly mallaryň dolanan garnyny eksport eden ýerli telekeçiler önümiň 90 müň dollara golaýyny, tebigy ary balynyň bolsa, 15 müň dollara golaýyny eksport etdiler.

Öňümizdäki ýylda görkezijileri artdyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan birnäçe ýyladyşhanalaryň, ýerleriň, önümçilik desgalarynyň ulanyşa girizilmegine garaşylýar.

2022