Türkmenistanda düýe we geçi ýüňüni işleýän desgalary gurmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda düýe we geçi ýüňüni işleýän desgalary gurmak meýilleşdirilýär
Türkmen senagatynda düýe hem-de geçi ýüňüni gaýtadan işleýän täze egirme kärhanasyny gurmak hem-de dokma, ýüň, gamyş we gowaça çöpüniň galyndylaryny gaýtadan işleýän önümçiligini döretmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň dokma senagatynda täze önümçiligi ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Baýramgeldi Öwezow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa täze kärhanalary döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmen senagatynda düýe hem-de geçi ýüňüni gaýtadan işleýän täze egirme kärhanasyny gurmak hem-de dokma, ýüň, gamyş we gowaça çöpüniň galyndylaryny gaýtadan işleýän önümçiligini döretmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany dokma senagatynyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary döretmek, dürli görnüşli ýerli serişdeleriň netijeli ulanylmagy bilen bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän kärhanalary gurmak babatda öňde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi.

2022