Türkmenistanda halkara elektrik geçiriji ulgamy boýunça işler gyzyşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda halkara elektrik geçiriji ulgamy boýunça işler gyzyşýar
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň elektrik energiýasyny daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça işler gyzgalaňly alnyp barylýar.

Anna güni Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan “TAPP-500 Power Transmission Line FZE” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Duşuşyk güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçirijisiniň ähmiýetli bölegini gurmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen guraldy. Transmilli energetika ulgamyny Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystanyň Hyrat şäheri ugry boýunça türkmen-owgan serhedine çenli ýurduň çäginde gurmak bilen bagly meseleler ylalaşyldy.

Penşenbe güni Energetika ministrliginiň düzüminde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça Halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Bu müdirlik TOP taslamasynyň amala aşyrylmagy we onuň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgullanar.

2018-nji ýylyň ýanwarynda TOP ugry boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Marydan Hyrata çenli elektrik geçirijisiniň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we elektrik geçirijisini 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga tabşyrmak bellenildi. 

2022