Göçme mejlisde koronawirusyň aralaşmagyna garşy görülýän çäreler maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Göçme mejlisde koronawirusyň aralaşmagyna garşy görülýän çäreler maslahatlaşyldy
Türkmen Lideri ähli edaralarda dezinfeksiýa hem-de zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň ýokary derejede geçirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde “Awaza” Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutany bu ugurda geçirilýän işler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, öňde durýan wezipeleri kesgitledi.

Aýratyn howply keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş edaralary zerur bolan lukmançylyk enjamlary, gorag serişdeleri, test-ulgamlar hem-de zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen doly üpjün edildi diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen Lideri ähli edaralarda dezinfeksiýa hem-de zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň ýokary derejede geçirilýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimlerine welaýatlaryň çäklerinde ýerleşen şypahanalary tomusky dynç alyş möwsümine laýyk derejede guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Russiýa dostluk nyşany hökmünde ýurtda öndürilen harytlary iberiler

Türkmen Lideri Russiýa Federasiýasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen harytlary ibermek maksady bilen Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernlerine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine degişli azyk önümlerini, harytlary we materiallary Russiýa Federasiýasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesinden boşatmak we ol wezipä Güýç Arçaýewiç Garaýewi bellemek hakynda Karara gol çekdi.

2022