Türkmenistan bilen Türkiýe ýük gatnawlaryny maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Türkiýe ýük gatnawlaryny maslahatlaşdy
Taraplar ýük gatnawlary we ulag hereketleri bilen bagly meselelere seretdiler. (Surat: Trend)

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda penşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň orunbasary Wepa Hajiýew, türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça Baş müdirliginiň Direktory Ýönet Jan Tezel ýolbaşçylyk etdi.

Wideokonferensiýa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklamak bilen, ýokary we hökümetara derejelerde, şeýle hem iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Diplomatlar koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar, şol sanda onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ugurlary barada hem pikir alyşdylar. Şeýle hem pandemiýa ýagdaýynyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ýetirýän täsirine, hususan-da ýük gatnawlary we ulag hereketleri bilen bagly meselelere seredildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek geňeşmelerde esasy mowzuklaryň biri boldy.

2022