Türkmenistanda Ýeňşiň 75 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Ýeňşiň 75 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellendi
Aşgabatda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen halkyna, hormatly weteranlara ýüzlenip, olary uly pidalar çekilip gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlady.

Şenbe güni bolsa, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary, olaryň ýanýoldaşlaryny we tylda zähmet çeken weteranlary Ýeňşiň 75 ýyllygyna ýubileý medaly bilen sylaglamak we olara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Şenbe güni Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda uruşda wepat bolanlaryň hatyrasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary general-polkownik Aleksandr Fomin, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, şeýle hem ýurtda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Soňra çäre dabaraly harby ýöriş bilen dowam edip, agşamlyk baýramçylyk salýuty bilen jemlendi.

Ýurduň welaýatlarynyň ählisinde Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny, tylda zähmet çekenleri gutlamak dabarasy hem geçirildi.

2022