Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň günortasynda, Köpetdagyň eteginde gurlan “Welosiped” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped güni bilen baýramçylyga gatnaşanlary gutlap, ýurtda bedenterbiýe we sporta uly üns berilýändigini nygtady.
Açylyş dabarasyndan soň ýurt Baştutany 12 kilometr aralygynda amala aşyrylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Müňlerçe adamdan ybarat ýöriş Döwlet münberinde tamamlandy.
Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda sişenbe güni türkmen Lideriniň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn gepleşigi geçirilipdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Lappartýen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagy hem-de degişli sertifikaty bilen sylaglady. Bu abraýly sylag welosiped sportunyň tarapdarlaryna hem-de ony ösdürmäge we dünýä derejesinde ilerletmäge uly goşant goşan ýokary wezipeli syýasy işgärlere gowşurylýar.
Döwlet Baştutany baýramçylyk mynasybetli türkmen halkyna iberen gutlagynda welosiped sportunyň häzirki döwürde köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny aýdyp, sportuň bu görnüşine bolan höwesiň ýokarlanýandygyny belledi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi.