Türkmenistanda uzak aralykdan okuw okatmak usuly ýola goýulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda uzak aralykdan okuw okatmak usuly ýola goýulýar
Häzirki wagtda daşary ýurtlarda orta hünär biliminiň binýadynda ýokary hünär bilimini, ikinji ýokary hünär bilimini bermek tejribesi öwrenilýär.

Türkmenistanda orta we ýokary bilim ulgamynda uzak aralykdan okatmagy guramak boýunça işler ýola goýulýar.

Okuwu guramak barada wise-premýer Pürli Agamyradow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Häzirki döwürde daşary ýurtlarda orta hünär biliminiň binýadynda ýokary hünär bilimini, ikinji ýokary hünär bilimini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli raýatlara bilim bermek, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly uzak aralykdan bilim maksatnamalaryny amala aşyrmak tejribesi öwrenilýär.

Ýurtda toplanan tejribelere we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça ene-atalar üçin uzak aralykdan okuw-gollanma kömegini bermek we mümkinçilikleri çäkli raýatlar üçin uzak aralykdan bilimi ýola goýmak teklip edilýär.

“Ýakyn geljekde orta hünär bilimi bolan işgärler öz ugry boýunça ýokary hünär bilimini alarlar” diýip, Agamyradow hasabatynda belledi.

Şunuň bilen baglylykda, kanunçylyga bilim edaralarynda uzak aralykdan bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegine mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary ulanmak boýunça döwrebap düzgünnamalary taýýarlamak hem-de olary girizmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň öz ösüşinde IT tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagyny esasy ugur edinýändigini we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak konsepsiýasyny amala aşyrýandygyny belledi.

Türkmen Lideri orta we ýokary bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny mundan beýläk-de işjeň özleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

2022