Dünýäde energiýa sarp edilişi iň ýokary derejä ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde energiýa sarp edilişi iň ýokary derejä ýetdi
“BP”-niň täze global seljermesine görä, energiýa sarp edilişi geçen ýyl 1.3% ösüş gazanyp, bu 2018-nji ýyldaky ösüşiň ýarysyndan hem (2.8%) pes boldy.

Dünýäde iň uly nebit öndüriji kompaniýalaryň biri bolan “BP”-niň täze global seljermesine görä, energiýa sarp edilişi geçen ýyl 1.3% ösüş gazanyp, bu 2018-nji ýyldaky ösüşiň ýarysyndan hem (2.8%) pes boldy.

“BP”-niň Bütindünýä energiýasy 2020-iň statistik seljermesi 2019-njy ýyla çenli energiýa maglumatlaryny öz içine alýar we ýurt derejesinde esasy energiýa çeşmelerine bolan isleg barada giňişleýin maglumat berýär.

Geçen ýyl energiýa sarp edilişiniň ösüşi 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende her näçe haýallan bolsa-da, bu dünýädäki energiýa sarp edilişiniň 10 ýyl yzygiderli ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar diýip, “Forbes” geçen şenbe güni seljermä salgylanyp habar berdi.

Energiýa sarp edilişinde iň uly ösüşi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri gazanyp, ol ozalkysyndan 41% artdy. Tebigy gaz 36% ösüş bilen ikinji orny eýeledi.

Muňa garamazdan, energiýa sarp edilişiniň umumy paýynda nebit ähli energiýa ulanyşynda 33% bilen birinji ýerde durýar. Global energiýa sarp edilişiniň galan bölegini kömür (27%), tebigy gaz (24%), gidroelektrik energiýasy (6%), gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (5%) we ýadro energiýasy (4%) düzýär.

Dünýädäki energiýa sarp edilişiniň ösüşiniň dörtden üç bölegi Hytaýyň paýyna düşýär. Bu görkezijide onuň yzyndan Hindistan we Indoneziýa gelýär. Sanawda ABŞ we Germaniýa iň pes netijäni görkezen ýurtlar boldy.

Tebigy gazyň sarp edilişi 2019-njy ýylda 2% ýokarlanyp, esasy energiýa sarp edilişindäki umumy paýy 24.2%-e ýetdi.

Gaýtadan dikeldilýän çeşmeler energiýanyň sarp ediliş taryhynda iň köp ýokarlanmagy bilen ösüşini dowam etdirdi. Hytaý ýene-de gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alynýan energiýany sarp etmekde ähli ýurtlardan öňürtiledi we ABŞ bilen Ýaponiýa onuň yzýanyndaky orunlary eýelediler. Dünýäde elektrik energiýany öndürmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýy 10.4% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek ýadro energiýasyndan geçdi.

2022