“Gumdagnebit” Balkan welaýatynyň nebit känlerini işjeň özleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gumdagnebit” Balkan welaýatynyň nebit känlerini işjeň özleşdirýär
Şu ýylyň geçen alty aýynda hereket edýän guýulardan çykarylan “gara altynyň” möçberi 174 müň 262 tonna deň boldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Gumdagnebit” nebit we gaz çykaryş müdirliginiň esasy önümçilik görkezijileri ýokarlanyp, häzirki wagtda çig mal çykarylyşy bu ýerde öňdebaryjy depginlerde barýar.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gäzetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, şu ýylyň geçen alty aýynda hereket edýän guýulardan çykarylan “gara altynyň” möçberi 174 müň 262 tonna deň boldy. Ýarym ýyllyk meýilnama 117 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş 157 göterime deň boldy.

Müdirligiň hünärmenleriniň ýurduň nebitgaz känlerini özleşdirmekde döwrebap tehnikalardan we tehnologiýalardan peýdalanmagy uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny işjeňleşdirmäge we yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýändigi habarda beýan edilýär.

Häzirki wagtda “Gumdagnebit” müdirliginiň nebitçileri Uzynada känini özleşdirmek boýunça iri möçberli işleri alyp barýarlar. Häzirki tapgyrda bu ýerde amala aşyrylýan işleri käniň çig mal binýadyny netijeli peýdalanmaga, şeýle hem ýerasty baýlyklaryň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Şu ýylyň başyndan bäri, iki sany has çuňlukdaky guýularyň plastlary işlenip taýýarlanyldy, olardan nebitiň senagat akymy alyndy.

Häzirki wagtda Ördekli käni hem işjeň ýagdaýda özleşdirilýär. Bu käni barlamak we işläp taýýarlamak boýunça işler nebitiň we gaz kondensatynyň goşmaça çykarylyşyny üpjün eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022