“Rysgal” PTB-niň aktiwleri 7 milliard manada deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Rysgal” PTB-niň aktiwleri 7 milliard manada deň boldy
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky hususy telekeçileri nagt pullar bilen üpjün etmek babatda işleri durmuşa geçirmäge girişdi. (Surat: TP)

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň aktiwleri 2012-nji ýyldan bäri 58 esse ýokarlanyp, ol 7 milliard manada deň boldy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda “Rysgal” PTB ýurtda amala aşyrylýan ägirt uly taslamalar bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň gurluşygyny, eksporta niýetlenilen, importyň ornuny tutýan ýokary hilli harytlary öndürmeklige gönükdirilen birnäçe iri taslamalary maliýeleşdirdi we maliýeleşdirmegini dowam etdirýär.

“Dünýä ýurtlarynda dowam edýän häzirki ýaramaz hadysalaryň täsirinden goranmak üçin ýurduň kiçi we orta telekeçiligini goldamaga aýratyn üns bermek wajyp meseleleriň biri bolup durýar” diýlip, habarda beýan edilýär.

Şu nukdaýnazardan, hususy telekeçileriň işjeňligini saklap galmak maksady bilen, kiçi we orta telekeçiligi nagt pullar bilen ýeterlik derejede üpjün etmek baradaky tabşyryklara laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi Banky tarapyndan “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň Tertibine” üýtgetmeler girizildi.

Resminama laýyklykda, hususy telekeçiniň, şol sanda lomaý söwda işini amala aşyrýan hususy telekeçiniň telekeçilik maksatlary üçin bir senenama aýyň dowamynda nagt pul görnüşinde hasaplaşyk hasabyndan çykdajylary etmekliginiň möçberleri bellenildi.

Üýtgetmeler bilen baglylykda, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky hususy telekeçileri nagt pullar bilen üpjün etmek babatda işleri durmuşa geçirmäge girişdi. Bu işleriň netijesinde bolsa, bankyň müşderileriniň işjeňligi barha ýokarlanmaga başlady.

“Rysgal” banky häzirki wagtda Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek ugrunda hem uly işleri durmuşa geçirýär. Bu babatda “Rysgal” PTB ýurtda bank ulgamynyň arasynda ilkinji bolup, Internet arkaly menzilara tölegleri geçirmek üçin doly mümkinçiliklerinde işleýän “Internet-banking” ulgamyny işe girizdi hem-de galtaşyksyz töleg etmek mümkinçiligi bolan “Mastercard” halkara töleg ulgamynyň kartlaryndan peýdalanmak mümkinçiligini döretdi.

2022