Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa täze ykdysady gatnaşyklary ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa täze ykdysady gatnaşyklary ýola goýýar
Britaniýanyň maýadarlary, esasan-da Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebit, gaz hem-de himiýa senagaty pudaklaryna gyzyklanma bildirýärler.

Türkmenistan we Beýik Britaniýa döredijilikli ykdysadyýet pudagynda täze gatnaşyklary ýola goýdy. Bu barada “Trend” habar agentligi Beýik Britaniýanyň daşary işler edarasyna salgylanyp, penşenbe güni habar berdi.

Täze gatnaşyklar koronawirus pandemiýasy bilen bagly global meselelere garamazdan ýola goýuldy diýlip, habarda aýdylýar.

“Biz geljekde Beýik Britaniýanyň we Türkmenistanyň uniwersitetleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de olaryň hünärmenleriniň arasynda hyzmatdaşlyga we tejribe alyşmaga ýol açmak bilen koronawirusdan soňky global dikelişiň zyýansyz we durnukly bolmagyna çemeleşýäris” diýip, Beýik Britaniýanyň DIM-i belleýär.

Häzirki wagtda Beýik Britaniýa Türkmenistan bilen energetika, bilim, oba hojalyk we maliýe pudaklarynda hyzmatdaşlygyny dowam edýär.

Britaniýanyň maýadarlary, esasan-da Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebit, gaz hem-de himiýa senagaty pudaklaryna gyzyklanma bildirýärler.

Şeýle-de taraplar agrotehnologiýa hem-de energetika pudaklarynda birnäçe bilelikdäki taslamalary hem durmuşa geçirýär.