Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 14-16-njy sentýabr we 21-23-nji sentýabr aralygynda zenan telekeçiler üçin “Sanly marketing we satuw” atly onlaýn okuwyny geçirer. Bu barada ÝTÖB anna güni habar berdi.
“Bu onlaýn okuw, harytlaryň we hyzmatlaryň onlaýn satuwyny netijeli başlamagyň we ösdürmegiň, şeýle hem öz onlaýn işiňizi ösdürmek üçin onlaýn gurallary ulanmagyň usullaryna düşünmäge ýardam eder” diýip habarda aýdylýar.
Okuw kursunyň materiallary Serbiýanyň CEFE kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Germaniýanyň “APPLICATIO Training & Management” kompaniýasy tarapyndan taýynlandy. Onlaýn okuwy “e-commerce” taslamalarynda 14 ýyldan gowrak tejribesi bolan iki sany tejribeli türgenler geçirer diýip, ÝTÖB belleýär.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) şu ýylyň iýun aýynda dünýädäki pandemiýanyň netijesinde ykdysady täsirini ýetiren kiçi we orta kärhanalar üçin onlaýn okuw-konsultatiw maksatnamasyny ýola goýupdy.