“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk paýdarlar jemgyýeti (TULM) “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi boýunça Gazagystanyň çäginden Hytaýa polipropileni ugratmaga ýardam etdi. Polipropileniň şu ugur boýunça eksporta ugradylyşy ilkinji gezek ýerine ýetirilýär.
TULM-da “Biznes Türkmenistan” internet neşirine aýdylmagyna görä, 40 futlyk 42 sany konteýnerden ybarat bolan ilkinji konteýner otlusy şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy deňiz portundan ugradyldy. Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Sindao port şäherine çenli ýoly ol 12-15 günüň dowamynda geçer.
Şol bir wagtda Hytaýdan Türkmenistana 48 sany 40 futlyk konteýnerlerden ybarat bolan konteýner otlusy geler. Bu otlular Gazagystanyň Altynköl stansiýasynda kesişer. Häzirki wagtda konteýnerler türkmen demir ýollaryndan hytaý demir ýollaryna we tersine – hytaý wagonlaryndaky konteýnerler türkmen wagonlaryna ýüklenilýär.
Ýoluň umumy uzynlygy 8 müň 746 kilometr bolup, şonuň Türkmenistanyň çägi boýunça “Türkmenbaşy porty – Serhetýaka” bölegi 712 kilometre, Gazagystanyň çägi boýunça “Bolaşak – Altynköl” bölegi 3 müň 450 kilometre we Hytaýyň çäginden “Horgos – Sindao” aralygy 4 müň 584 kilometre deňdir.
“Umuman, bu ugur Hytaýa polipropileni eksport etmek üçin iň amatly, ykdysady taýdan netijelidir” diýip, TULM-da nygtalýar.
TULM şu görnüşli daşamalary yzygiderli amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa mundan beýläk-de Türkmenistanyň halkara demir ýol gatnawlarynyň hem-de beýleki ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine öz goşandyny goşmagy maksat edinýär.