Türkmen telekeçileri welaýatlarda sowadyjy ammarlaryň gurluşygyna gatnaşýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri welaýatlarda sowadyjy ammarlaryň gurluşygyna gatnaşýarlar
Daşoguz welaýatynda dürli göwrümli ýene iki sowadyjy ammaryň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Daşoguz welaýatynda 30 tonna oba hojalyk önümlerini we azyk harytlaryny saklamak üçin niýetlenen ilkinji hususy ammarlar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda umumy meýdany 0,7 gektara barabar bolan desganyň gurluşygy telekeçi R.Saburow tarapyndan alnyp barylýar diýlip, habarda aýdylýar.

Desganyň taslamasyna laýyklykda, onuň çäginde dolandyryş merkezi, tehniki binalar hem-de uzakmöhletleýin saklamaga niýetlenen iki sany ammar ýerleşer.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň çäklerinde miwe we gök önümleri saklamak üçin dürli göwrümli ýene iki sowadyjy ammaryň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022