“Ýunus-daýhan” belentlikde alma baglaryny ösdürip ýetişdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýunus-daýhan” belentlikde alma baglaryny ösdürip ýetişdirýär
Baglar ýokary hasyl beriji şpaler usuly bilen ösdürilip ýetişdirilýär.

“Ýunus-daýhan” daýhan hojalygy Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň çäginde deňiz derejesinden 87 metr belentlikde – baýyrlykda alma baglaryny ösdürip ýetişdirýär. Bagyň umumy tutýan meýdany 10 gektara barabardyr.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, alma baglaryny suwarmak işleri Amyderýanyň suwuny ýörite howuzlara ugrukdyryp, soňra suw sorujylaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.

Bagbanlaryň ýolbaşçysy Begali Ergaşowyň aýtmagyna görä, bu ýerde almalaryň dünýä belli 5 görnüşi – “Red”, “Redçif”, “Jerome”, “Skarlett” we “Golden delişes” ýaly süýji tagamy hem-de uzak wagtlap saklanyşy bilen tapawutlanýan görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Baglar ýokary hasyl beriji şpaler usuly bilen ösdürilip ýetişdirilýär.

Telekeçi Ýunus Abdullaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Ýunus-daýhan” daýhan hojalygy dört ýyl mundan ozal baýyrlyk meýdanlarda alma baglaryny ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdy we öz işlerini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022