“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) geçen ýylyň maý aýyndan başlap, özbaşdak kärhana hökmünde hereket edýär we ýurdumyzyň söwda floty üçin gämileri gurmagy meýilleşdirýär.
“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýedi ýyllyk maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli bu ýerde 12 gämi gurmak meýilleşdirilýär.
Zawod işe girizilen wagtyndan bäri bu ýerde 24 sany gämi bejerildi, şeýle hem 7 gäminiň orta derejesindäki çylşyrymly abatlaýyş işleri hem-de gämileriň 23-sinde syýahatara abatlaýyş işleri geçirildi.
Zawodyň tehnologik ulgamy döwrebap tehnologiýalary we awtomatlaşdyrylan toplumlary ulanmak arkaly ýylda dört we ondan köp gämileri gurmaga hem-de 20-30 gämilere hyzmat etmek we olary abatlamak boýunça işleri geçirmäge mümkinçilik berýär.