Türkmen IT-kompaniýalary önümçiligiň gerimini giňeldýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen IT-kompaniýalary önümçiligiň gerimini giňeldýärler
Týunerleriň we töleg terminallarynyň önümçiligini “Türkmen-tranzit” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde Daşoguz şäherinde ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň – elektron we elektrotehnika harytlarynyň ýurdumyzda öndürilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şahamçasyny açmak göz öňünde tutulýar.

Týunerleriň we töleg terminallarynyň önümçiligini “Türkmen-innowasiýa” hususy kärhanasy bilen bilelikde Ahal welaýatynda, “Türkmen-tranzit” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde Daşoguz şäherinde ýola goýmak meýilleşdirilýär diýip, Gylyjow nygtady.

Ol şeýle hem maglumatlar we programma üpjünçiligi ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny belledi.

“Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda döredildi hem-de Türkmenistanyň orta mekdepleriniň her okuw ýylynyň başynda 1-nji synp okuwçylarynyň sowgat alýan okuw kompýuterlerini öndüriji hökmünde giňden tanalýar. Ýylyň ahyryna kärhana monobloklaryň önümçiligini işe girizmegi meýilleşdirýär, planşetleriň we serwer enjamlarynyň çykarylmagyny ýola goýmak mümkinçiligi-de bar.

2022