“Türkmengaz” ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalary dürli ugurlarda Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýärler.

“Türkmengaz” döwlet konserni hem-de “Kawasaki Heavy Ind. Ltd.” ýapon kompaniýasy Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji toplumynyň taslamasynyň üstünde alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, 26-njy awgustda konserniň ýolbaşçylary bilen ýapon kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasua Watanabeniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi.

Habarda berlişi ýaly, soňky ýyllarda ýapon kompaniýalary dürli ugurlar, hususan-da, nebit himiýasy, elektroenergetika, gurluşyk materiallary senagaty, şeýle hem maýa goýum ugurlarynda Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýärler.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda häzirki wagtda Ahal welaýatynda hereket edýän gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän zawodyň ikinji nobatdakysynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada “Türkmengaz” döwlet konserni we “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” (Ýaponiýa) we “Sojitz Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.