Murgapda her gün 4 tonna golaý gök-bakja önümleri gaýtadan işlenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Murgapda her gün 4 tonna golaý gök-bakja önümleri gaýtadan işlenilýär
Önümçilik birleşiginiň önümhanasynda pomidor, kelem, hyýar, käşir, ýaly gök-bakja önümleriniň duzlanan görnüşleri taýýarlanylýar. (Surat: “Bereketli toprak” gazeti, 31.08.2020)

Mary welaýat alyjylar jemgyýetler birleşiginiň Murgap önümçilik birleşigi miwe we gök önümleriniň gaplama görnüşleriniň ätiýaçlyk goruny taýýarlamakda işjeň gatnaşýar. Bu barada “Bereketli toprak” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde gök-bakja önümleriniň we miweleriň her günde ortaça 3,5 – 4 tonna golaýyny gaýtadan işlenilip, bellenilen meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.

Önümçilik birleşiginiň önümhanasynda pomidor, kelem, hyýar, käşir, ýaly gök-bakja önümleriniň duzlanan görnüşleri, şeýle hem miwe şerbetleri taýýarlanylýar.

Mary welaýat alyjylar jemgyýetler birleşigiň welaýat boýunça 520 sany dükany, 11 sany bazary we 82 sany önümçilik sehi hereket edýär. Mundan başga-da, “Broýler” towuk et önümlerini öndürýän guş toplumy bardyr.