Dünýä: ABŞ dollarynyň hümmeti peselýär – nebitiň bahasy galýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýä: ABŞ dollarynyň hümmeti peselýär – nebitiň bahasy galýar
Nebitiň bir barreliniň bahasy $43 geçdi.

Nýu-Ýork şäheriniň gazna biržasynda (NYSE) söwdalaryň barşynda amerikan dollarynyň hümmetiniň peselmegi bilen nebitiň bir barreliniň bahasy $43 çenli ýokarlandy. Bu barada “Bloombergiň” maglumatlarynda aýdylýar.

2018-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň walýutasynyň iň pes derejä gelmeginden soň, Geljek üçin şertnamalar (Futures) 1.2 göterim göterildi. Bu bolsa ABŞ dollarynda bahalandyrylýan harytlara bildirilýän islegi artdyrdy. “Bloombergiň” belleýşi ýaly, geçen hepde ABŞ-da nebitiň gory 2 million barrele çenli peselip, şu ýylda iň dowamly aşak düşüşlik boldy. Şol bir wagtda “AstraZeneca Plc” kompaniýasy ABŞ-da koronawirusa garşy waksinanyň iň uly synagyna başlady. Ösen döwletler bolsa nebite we ýangyja bolan islegiň peselmeginiň öňüni almak üçin göreşýär.

Nebitiň bir barreliniň bahasy $43 geçdi, sebäbi koronawirus ýokanjy bilen kesellänleriň sanynyň artmagy durnukly isleg barada ynjalyksyzlyk döretdi. Şeýle-de bolsa, Birleşen Arap Emirlikleriniň iň uly nebit öndürijisi global önümçiligi azaltmak baradaky şertnamanyň maksadyna ýetmek üçin oktýabr aýynda önümçiligi azaldyp biljekdigini mälim etdi.

“Australia & New Zealand Banking Group Ltd.” kompaniýasynyň çig mal boýunça baş strategiýa hünärmeni Deniel Haýnsyň aýtmagyna görä, “häzirki wagtda bazarlarda üýtgeşmelere garaşylýar. Islegiň peselýändigini, teklibiň bolsa artýandygyny görkezýän birnäçe görkezijileri göz öňünde tutup, indiki bir-iki aýyň dowamynda bahalaryň peselmegi mümkindir”.

“BetaShares” kompaniýasynyň seljerçisi Lui Krouzyň çaklamasyna salgylanyp, “Reuters” agentliginiň habar berşi ýaly, sişenbe güni amerikan dollarynyň beýleki walýutalara bolan hümmeti 0,3%, ýewro bolan hümmeti – 0,45% peseler. Federal ätiýaçlyk ulgamynyň (FRS) syýasatynda üýtgetmeler ABŞ-da oňaýsyz meýilleriň ýokarlanjakdygy barada çaklamalary güýçlendirýär. “Bu çig mal üçin oňaýlydyr” diýip, bilermen belleýär.

Şol birwagtyň özünde dünýä bazarlarynda koronawirus zerarly näbellilik saklanýar. Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine oňaýsyz täsirini ýetirip, nebite bolan islegi peseltdi. Treýderler ýokanjyň ikilenç gaýtalanmak howpunyň bardygyny öňünden duýdurýarlar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy dünýäde koronawirus ýokanjy bilen 24,5 million adamyň keselländigini, 833 müň adam aradan çykandygyny habar berýär.

2022