Türkmenistan – Italiýa: hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan – Italiýa: hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 6-7-nji noýabr aralygynda Italiýa Respublikasyna resmi iş sapary.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen penşenbe güni geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi. Şeýle-de türkmen-italýan işewürler geňeşini ýa-da degişli Iş toparyny döretmek hem-de her ýyl Türkmenistanda Italiýanyň Ykdysadyýetiniň gününi geçirmek teklip edildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda ýurt Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamy şolaryň hatarynda görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň Ýewropa döwletleriniň arasynda Türkmenistanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanlary bilelikdäki geljegi uly taslamalaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu taslamalaryň hatarynda Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanany, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar hem bardyr.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselesine aýratyn üns berdiler. Bellenilişi ýaly, Italiýa hem-de Türkmenistan baý taryhy-medeni mirasa eýedir, munuň özi netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri şertlendirýär.

Milli Liderimiz bilim ugry boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degip, ýurdumyzda italýan diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigini belledi, häzirki wagtda bu dil iki ýokary okuw mekdebinde ulgamlaýyn esasda öwredilýär.

Döwlet Baştutanymyz italýan kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Prezident Serjio Mattarella türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň derejesine we many-mazmunyna ýokary baha berip, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, medeni çäreleri guramak, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça türkmen Lideriniň öňe süren ähli tekliplerini doly goldaýandygyny beýan etdi.

Türkmenistan häzirki wagtda Italiýanyň “ENI” hem-de “Leonardo” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.