Türkmenistanda öri meýdanlaryny kärendä bermek barada Karara gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda öri meýdanlaryny kärendä bermek barada Karara gol çekildi
Resminama laýyklykda, welaýat häkimlerine öri meýdanlaryny ulanmak üçin tölegleriň doly we öz wagtynda geçirilmegini gözegçilige almak tabşyryldy.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň tertibi hakyndaky» Karara gol çekdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, degişli resminamanyň esasy maksady öri meýdanlaryny tygşytly peýdalanmak, gowulandyrmak we goramak bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrmak, ulanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny goramak nukdaýnazaryndan ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak bolup durýar.

Resminama laýyklykda, welaýat häkimlerine öri meýdanlaryny ulanmak üçin tölegleriň doly we öz wagtynda geçirilmegini gözegçilige almak tabşyryldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, maliýe we ykdysadyýet ministrligine iki aýyň dowamynda Adalat ministrligi bilen bilelikde bu Karardan gelip çykýan Türkmenistanyň kanunçylygyna üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Ministrler Kabinetine hödürlemek tabşyryldy.

2022