Balkanly ekerançylar 20 müň tonna gant şugundyryny ýygnamagy meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanly ekerançylar 20 müň tonna gant şugundyryny ýygnamagy meýilleşdirýärler
Häzirki wagtda şugundyr ekilmeli meýdanlarda sürüm we tekizleme işleri alnyp barylýar.

Balkan welaýatynda 3 müň gektar ýere gant şugundyryny ekip, ondan 20 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Bu barada “Bereketli toprak” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda şugundyr ekilmeli meýdanlarda sürüm we tekizleme işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýazlyk ekilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işleri depginli amala aşyrylýar. Güýzlük ýeralma, bakja ekinleriniň ekiş we ideg işleri hem yzygiderli dowam edýär.

Mary welaýatynyň ekerançylary 2019-njy ýylyň hasyly üçin 14,900 gektar meýdana gant şugundyryny ekip, ondan 209 müň tonna golaý hasyl aldylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022