Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrar
Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda umumy kuwwaty 400 MWt bolan Zerger gazturbina elektrik bekediniň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli elektrik energiýasynyň eksportynyň 8,7% ýokarlanmagyna garaşylýar.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, bu işler täze elektrik beketlerini, elektrik geçirijilerini, häzirki zaman transformator kiçi beketleri we paýlaýjy ulgamlary gurmagyň hasabyna amala aşyrylar.

Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň eksportyny ösdürmek üçin täze energiýa kuwwatlyklary döredilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda umumy kuwwaty 400 MWt bolan Zerger gazturbina elektrik bekediniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu elektrik bekedi Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi bolar.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanda elektrik energiýasyny öndürmekde ösüş depgini 114,5% deň bolup, meýilnama 106% ýerine ýetirildi.