Sişenbe güni Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny (EHŞ) döwrebaplaşdyrmak boýunça Toparyň halkara gepleşikleriniň ikinji tapgyry öz işine başlady. Gepleşikler onlaýn görnüşinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi, düzümleriň elýeterliligi, nyrhlaryň kesgitlenilmegi we ýörelgeleri, durnukly ösüş we köpçülikleýin durmuş taýdan jogapkärçilik, dawalaryň çözülmegi, şeýle-de energiýa serişdelerini ibermek boýunça geleşiklere we ylalaşyklara gatnaşyjylaryň hereketleriniň aýdyňlygy ýaly derwaýys meseleleriň ençemesine garadylar.
Çärä gatnaşyjylar Şertnamanyň taraplarynyň hukuklarynyň hem-de borçnamalarynyň üstaşyr geçirmeler, maýa goýumlar, energetiki howpsuzlyk we netijelilik, energiýa serişdeleriniň söwdasy ýaly ugurlar babatynda meseleleriň gaýtadan gözden geçirilmeginiň zerurlygy dogrusynda bir pikire geldiler.
Onlaýn gepleşiklere türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da “Türkmennebit” we “Türkmengaz” Döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Energetika, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.
Gepleşikler anna güni, 11-nji sentýabrda tamamlanar.