Türkmen kompaniýasy galyndysyz önümçiligi ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy galyndysyz önümçiligi ýola goýdy
Kärhanada bir ýylyň dowamynda polietilen torbalarynyň 2 müň 160 tonnasyny öndürmek üçin zerur şertler bar.

Işewür Berdi Täçowyň ýolbaşçylygyndaky “Läle plastik” hususy kärhanasynda önümleriň galyndylaryny gaýtadan işläp, olardan önüm almak işleri ýola goýuldy. Bu barada “Balkan” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän kärhanada söwda dolanyşygynda hem-de gündelik durmuşda giňden peýdalanylýan dürli ölçegdäki polietilen torbalary öndürilýär.

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary oturdylan kärhanada häzirki wagtda her aýda polietilen torbalarynyň 180 tonnasy öndürilip, bir ýylyň dowamynda şeýle önümleriň 2 müň 160 tonnasyny öndürmek üçin zerur şertler bar.

Şeýle hem kärhanada zir-zibiller üçin niýetlenen “Läle” we “Şelpe” atly dürli göwrümli polietilen torbalary köpçülikleýin öndürilip, sarp edijilere hödürlenilýär. Mundan başga-da, bu ýerde öndürilýän ini 110 santimetre deň bolan polietilen plýonkasy hem sarp edijileriň arasynda uly islege eýedir.

“Läle plastik” hususy kärhanasynda 20-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022