TNGIZT-de täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT-de täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi
TNGIZT-de gurulýan täze energiýa desgalaryny 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada çarşenbe güni TDH habar berýär.

Häzir zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabarada çykyş edeninde aýtdy.

TNGIZT-de gurulýan gaz turbinaly energiýa toplumlary Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu desgalaryň gurluşygyny “Çalik Enerji” türk kompaniýasy amala aşyrar. Täze desgalar Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen örän kämil enjamlar bilen üpjün edilip, 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.