Daşoguzly ekerançy şaly önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzly ekerançy şaly önümçiligini artdyrýar
Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde şalynyň esasan-da “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” ýaly ýerli şertlerde ýokary hasyl berýän görnüşleri ösdürilýär.

Daşoguz welaýatyndan şaly ekerançysy Toýly Halmyradow S.Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki özüniň 26 gektar kärende ýerinden şu ýyl 112 tonnadan gowrak şaly hasylyny almagy meýilleşdirýär. Tejribeli ekerançy barada “Daşoguz habarlary” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, T.Halmyradow geçen ýyl meýilnamada görkezilen 87 tonna 433 kilogramyň deregine 144 tonna 340 kilogram şaly hasylyny alyp, meýilnamany 165% ýerine ýetirdi.

Şalyçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biridir, sebitiň toprak-howa şertleri bu ekiniň göwnejaý ösüp, ýokary hasyl bermegine ýardam edýär. Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde şalynyň esasan-da “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” ýaly ýerli şertlerde ýokary hasyl berýän görnüşleri ösdürilýär.

Kärendeçi Halmyradow eýýäm 16 ýyldan bäri şalyçylyk bilen meşgullanyp gelýär.