Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine belli bir döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň sanawyna girizmek mümkinçilikleri berildi. Munuň üçin zerur bolan kanunçylyga girizilen düzediş ýerli metbugatda çap edildi. Bu barada “ORIENT.tm” habar agentligi penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna girizilen goşmaçalara we üýtgetmelere laýyklykda, indi Maliýe we ykdysadyýet ministrligi öz başlangyjy bilen döwlet emläginiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň maksadalaýykdygyny esaslandyrýar we ony döwletiň garamagyndan aýrylýan we hususylaşdyrylýan obýektleriň sanawyna goşmak hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklip berýär.
Kanuna girizilen täze üýtgetme, satyn almak-satmak şertnamasynda döwlet emlägini eýeçilige geçirmegiň tertibini jikme-jik görkezmeli maddany hem öz içine alýar.
Şeýlelikde, satyn almak-satmak şertnamasynda obýektiň hususylaşdyrylandan soňky döwürdäki işiniň esasy ugurlarynyň, önümçiliginiň möçberleriniň we iş orunlarynyň sanynyň saklanyp galynmagy boýunça şertleriň berjaý edilmegi we olaryň hereket ediş möhleti göz öňünde tutulyp bilner.