Balkan welaýatynda ses we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürýän kärhana gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatynda ses we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürýän kärhana gurlar
Kärhana bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürer.

Wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürýän kärhanany işe girizmäge taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär.

Kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda gol çeken “Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşygy hakynda” Kararyna laýyklykda gurlar.

Durdylyýewiň habar bermegine görä, Jebelde täze kärhana üçin tehnologik enjamlary satyn almak we ony gurnamak barada halkara bäsleşigi geçirildi. Onuň jemleri boýunça ýeňiji kesgitlenildi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady. Pudagyň täze gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan kärhanalary içerki bazary ýokary hilli hem-de elýeter önümler bilen doly üpjün etmelidir.

Habarda bellenilişi ýaly, täze kärhanany diwar materiallarynyň önümçiligi boýunça düýpli döwrebaplaşdyrylan binada ýerleşdirmek teklip edilýär.

2022