Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi goldady diýip, TDH habar berýär.
Bankyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek baradaky teklip Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Merkezi bank bilen bilelikde geçiren seljermesiniň netijeleriniň esasynda hödürlendi.
Döwlet Baştutany wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa döwlet banklarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk düzümini üýtgetmek baradaky meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazarynyň işini zerur bolan derejede guramak hem-de bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olary tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işler alnyp barylýar. Amala aşyrylýan çäreler ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de bank ulgamyny 2011-2030-njy ýyllarda ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyk gelýär.