“Garabogazkarbamid” karbamid önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garabogazkarbamid” karbamid önümçiligini artdyrýar
Şu ýylyň başyndan bäri “Garabogazkarbamid” zawodynda önümçiligiň ösüş depgini 3 esseden gowrak ýokarlandy.

“Garabogazkarbamid” zawodynda şu ýylyň geçen sekiz aýynda 766 müň 500 tonna karbamid döküni taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirildi diýip, “Balkan” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri kärhanada önümçiligiň ösüş depgini 3 esseden gowrak ýokarlandy.

Mundan başga-da, zawodda şu ýylyň başyndan bäri 383 tonna natriý sulfaty öndürilip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda önümçiligiň ösüş depgini 3,6 esse ýokarlandy.

Häzirki wagtda kärhanada baglaşylan şertnamalara laýyklykda, “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly karbamid döküni bilen birlikde, natriý sulfatyny daşarky we içerki bazarlara ugratmak işleri hem alnyp barylýar.

“Garabogazkarbamid” zawodynda her ýylda tebigy gazdan taýýarlanylýan 660 müň tonna barabar ammiak karbamid önümçiliginde esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamide barabar bolan zawodyň Hazar deňziniň kenarynda gurulmagy öndürilýän önümleri deňiz we demir ýollary arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga amatly mümkinçilik berýär.

2022