Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň dekabr aýynda Moskwada geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti sişenbe güni wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 87-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy hem-de birnäçe resminamalara seredildi.

Hususan-da, 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy netijeleri hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin şeýle strategiýanyň birinji tapgyryny (2021-2025-nji ýyllar) durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna hem-de GDA döwletleriniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin innowasiýa hyzmatdaşlygynyň Döwletara maksatnamasynyň taslamasy baradaky maglumatlar diňlenildi.

Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň 18-ni ara alyp maslahatlaşdylar, olaryň birnäçesi şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň garamagyna gönükdiriler.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň dekabr aýynda Moskwada geçirmek göz öňünde tutulýar.

2022