“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Goturdepe” buraw işleri müdirligi tarapyndan Balkan welaýatynda ýerleşýän Demigazyk Goturdepe nebit ýatagynyň täze guýusyndan nebitiň senagat akymy alyndy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, 317-nji nebit guýusynda geçirilen buraw işleriniň netijesinde 4,965 metr çuňlukda gündelik 100 tonna deň bolan “gara altynyň” akymy alyndy. Munuň özi “Nebitgazylmytaslama” institutynyň çaklamalaryny tassyklaýar.
Nebit ýatagyny özleşdirmek işleri Singapuryň “Yug-Neftegaz” kompaniýasy bilen şertnamanyň çäginde alnyp barylýar. Nebit Hytaýyň “Zj- 70 DB” buraw gurnamasynyň peýdalanylmagy bilen gyzyl reňkli gatlaklaryň aşaky bölegindäki poliosen çökgündilerinden alyndy.
Häzirki wagtda 4,860 metr çuňlukda 331-nji guýuda hem-de 5,000 metr çuňlukda 250-nji guýuda buraw işleri soňky tapgyrda alnyp barylýar we ýakyn wagtda nebitiň senagat akymynyň alynmagyna garaşylýar.