Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýew Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti şenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen RF-niň Astrahan oblastynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri özara haryt dolanşygy ABŞ-nyň 6,9 million dollaryna barabar boldy.
RF-niň hökümetiniň Russiýanyň günortasynda iri logistik merkezleriniň birine öwürmäge niýetlenen Astrahan oblastynda aýratyn ykdysady port zolagyny döretmek barada kabul eden kararyny göz öňünde tutmak bilen ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada düýpli pikir alşyldy. Şeýle hem Astrahanyň gämi ussahanalarynda Türkmenistan üçin gämileri gurmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gubernator ykdysady hyzmatdaşlygyň gün tertibini, mümkinçilik dörän ýagdaýynda, ýurdumyza iş saparyň wagtynda ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň çäginden Demirgazyk-Günorta ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Wolga derýasy bilen Moskwa-Astrahan- Hazarýaka döwletleriniň portlary ugry boýunça ýük we gezelenç gatnawyny ýola goýmak bu taslamanyň bir bölegidir diýip, I.Babuşkin nygtady.
Şeýle hem bu sebitiň ýolbaşçysy şu ýylyň 30-njy oktýabrynda Astrahanda etnomedeni gatnaşyklara bagyşlanan Hazar mediaforumyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.