Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan we Belarus arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň söwda-senagat edaralarynyň gurnamagynda şu ýylyň 30-njy sentýabrynda “Belarus-Türkmenistan: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi” atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahaty geçiriler. Bu barada “Grodnoinvest” erkin ykdysady zolagynyň saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bagly meseleleri hem-de pandemiýa zerarly emele gelen bökdençlikler we olary ýeňip geçmek boýunça çäreleri, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň wekilleri özleriniň ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrarlar.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda haryt dolanşygynyň möçberi 12,484 million amerikan dollaryna deň boldy.

2022