“Türkmennebit” “gara altynyň” gazylyp alynyşyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmennebit” “gara altynyň” gazylyp alynyşyny artdyrýar
Gaýtadan dikeldilen guýularyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna meýilleşdirilen 134,2 müň tonna derek, 138 müň tonna nebit çykaryldy.

“Türkmennebit” döwlet konserni boýunça şu ýylyň sekiz aýynda nebitiň çykarylyşy 2 mln. 617 müň tonna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 106,2%-e deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.

“Nebitdag”, “Körpeje”, “Ekerem” we beýleki müdirlikleriň burawçylary hasabat döwründe dag jynslaryny geçmek işini 146 müň 527 metr ýerine ýetirdiler. Bu görkeziji üç esse artdy.

Şeýle-de “Nebitgazçykaryş” trestiniň işgärleri köpsanly guýularyň düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirip, ajaýyp önümçilik görkezijisini gazandylar. Şunda guýularyň 347-si gaýtadan ulanyşa girizildi. Gaýtadan dikeldilen guýularyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna meýilleşdirilen 134,2 müň tonna derek, 138 müň tonna nebit çykaryldy.

“Türkmennebit” döwlet konserni nebit känleriniň ulanylyşynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze känleri gözlemek we derňemek, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.